Netijeli geçen duşuşyk
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy günsaýyn artýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dostlukly ýurtlar bilen ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary, Birleşen Milletler Guramasy hem-de Ýewropa Bileleşigi ýaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär.
Bu dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşýändiginiň netijelerini Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda alnyp barylýan işlerde-de görmek bolýar.
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Syýasy-ykdysady bölüminiň işgäri Alekseý Sançes milli derejede bellenilýän Ispan medeni-miras aýy mynasybetli ýokary okuw mekdebimiziň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň ispan dili hünariniň talyplary bilen duşuşdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Syýasy-ykdysady bölüminiň işgäri Alekseý Sançes öz çykyşynda Ispaniýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti, Latyn Amerika döwletleriniň medeniýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna täsiri barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Ispan diliniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda giňden ulanylýandygyny, onuň toplumlaýyn öwrenilýändigini, ispan dilinde gepleýänleriň sany boýunça dünýäde üçünji orunda durýandygyny uly höwes bilen beýan etdi. Talyplara Latyn Amerika döwletleri, bu döwletleriň döwlet baştutanlary, döwlet nyşanlary, olaryň medeniýeti, sungaty, edebiýaty barada giňişleýin gürrüň berdi. Latyn Amerika döwletleriniň birnäçesiniň öz Garaşsyzlygyny sentýabr we oktýabr aýlarynda gazanandyklary sebäpli hem Ispan medeni-miras aýynyň şu ýylyň 15-nji sentýabry – 15-nji oktýabry aralygynda milli derejede bellenilýändigini belläp geçdi. Çykyşynyň dowamynda ol Latyn Amerika döwletleriniň meşhur medeniýet, sungat işgärleri barada hem gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Ispan dili hünäriniň talyplary çykyşyň mazmuny esasynda gyzykly sorag-jogap alyşdylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Syýasy-ykdysady bölüminiň işgäri Alekseý Sançes çykyşyndan soň ýörite talyplar üçin taýýarlan ülkäni öwreniş dersi boýunça wiktorina geçirdi. Wiktorina işjeň gatnaşan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen-ispan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.