Pars şahyry Parwin Etesaminiň döredijiligine bagyşlanan dabara

2025-nji ýylyň 17-nji martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezi bilen bilelikde pars şahyry Parwin Etesamynyň döredijiligine  bagyşlanan  dabara geçirildi. 

Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň başlygynyň w.w.ý.ý. Ebrahim  Pärwizi, şol  merkeziň mugallymlarydyr okuwçylary hem-de  institutyň pars dili hünäriniň mugallymlarydyr, talyplary gatnaşdylar. 

Dabarada çykyş edenler türkmen we pars halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň, ýazyjydyr şahyrlarynyň  adamkärçilik, ahlaklylyk häsiýetlerini, pelsepewi pikirlerini öz içine alýan eserleriniň taryhda halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edendigini, medeni gymmatlyklar  bilen tanyşdyrmagyň, halklaryň arasynda düşünişmegi we dostlugy berkidip, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşygy ýola goýmaga kömek edip biljekdigini nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň  wekili häzirki wagta çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen dürli çäreleriň türkmen we pars halklaryny has ýakynlaşdyrandygyny hem-de täze mümmkinçilikleri döredýändigini belledi. Myhman, şeýle mümkinçilikler üçin, ilki bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirip, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýolbaşçylaryna hem-de agzybir işgärlerine şu günki duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Şeýle-de ol Eýran Yslam Respublikasynda15-nji martda özboluşly çeperçilik stili bilen pars poeziýasynda aýratyn orny eýelän Parwin Etesaminini ýatlama gününiň, 8-nji martda bolsa, Halkara zenanlar gününiň bellenip geçilýändigini ýatlady. Pars edebiýatynyň taryhynda görnükli zenan şahyrlaryň biri Parwin Etesaminiň özboluşly şahyrana stilde ýazylan goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini belledi. Ýönekeý diliň we pelsepe temalarynyň utgaşmasyndan dörän goşgular jemgyýetiň ähli gatlaklaryna düşnükli.

 Myhman 1314-nji hijri şemsi ýylynda (1935-nji milady ýylynda) Parwin Etesaminiň sosial eposlaryny we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän goşgular ýygyndysynyň  “Parwin Etesaminiň diwany” ady bilen neşir edilendigi, ýygynda dürli temalarda ýazylan 606 sany  goşgynyň girizilendigi, Parwiniň  dowamly eserler döredip, pars edebiýatynda täze döredijilik  usulynyň düýbüni tutandygy, häzirki wagtda onuň diňe bir Eýranda däl, eýsem bütin dünýäde  wepalylygyň we zenan edebiýatynyň nyşany hökmünde  tanalýandygy, goşgularynyň aglabasynyň diliniň sadalygy, ahlak mazmuny we bilim berijilik gymmaty taýyndan mekdeplerde edebi mysal hökmünde öwredilýändigini hem-de köp sanly mekdepdir medeni merkezleriň onuň adyny göterýändigi baradaky gymmatly maglumatlary  dabara  gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen-eýran  gatnaşyklarynyň  ynsanperwer  ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge  uly mümkinçilikleri  döredýän  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly  Gahryman Serdarymyza  ak ýürekden  alkyşlaryny  aýtdylar hem-de  olaryň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak  bolmagyny, döwletli  gadamlarynyň diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.