“Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek” atly hakaton bäsleşigi
Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek işine uly üns berilýär. Şeýle hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda dürli görnüşli bäsleşikler, olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Soňky wagtlarda dürli ugurlar boýunça innowasion çözgütleri döretmegiň guraly hökmünde dünýäde giňden ýaýran dürli ulgamdaky kompýuter programmistleriniň (dizaýnerler, programmistler, IT ulgamyň hünärmenleri) bäsleşigi - hakaton bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Hakaton bäsleşigi saýlanyp alnan ders ugrunda täze pikirleriň döremegine we durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança bolmak bilen onuň ýörite formaty dürli kärlerdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlap alnan ders ugrunda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.
2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek” ady bilen programmirleme arkaly dașary ýurt dillerini aňsat ýol bilen öwretmek boýunça geçirilen hakaton bäsleșigi bu ugurda netijeli geçen bäsleşikleriň biridir.
Bu bäsleşigiň aýratynlyklary we peýdaly taraplary barada söz açylanda, onuň çäginde hakatondaky toparlaryň ähli agzalary öz başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürip, pikirdeşlerini tapyp, dostlaşmaga we köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Şonuň ýaly-da, bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek bilen, toparlaýyn işlemek, berlen wagty peýdaly ulanmak, dürli ýagdaýlaryň baş alyp çykmak endiklerini kemala getirmäge hem ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ygtybarly aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alýan bu bäsleşige ýurdumyzyň 17 sany ýokary okuw mekdebinden talyp gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça eminler agzasy tarapyndan ýeňijiler kesgitlenip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty baş baýraga, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 1-nji orna, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2-nji orna, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň instituty 3-nji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri we oňa gatnaşyjylar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Hormat haty” we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň jemleýji dabarasyna gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan we durmuşa ornaşdyrýan ylmy, bilimi täze belentliklere ýetirmekdäki maksatnamalaýyn işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.