Türkmen-belarus hyzmatdaşlygy ÝUNESKO-nyň esasy maksatlaryna ýetmegiň ýolunda
Türkmenistan BMG-nyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda gazanýan netijeleridir üstünlikleri bilen halkara hyzmatdaşlaryna nusgalyk bolup, ähli ugurlarda öz mümkinçiliklerini artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen barha gerimi giňeýän giň mazmunly halkara hyzmatdaşlygy bilim ulgamynyň ösmegine hem uly itergi berýär. Munuň aýdyň mysalyny ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO Klublarynyň we kafedralarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylygynda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynda hem görmek bolýar.
Minsk döwlet lingwistik uniwersitetiniň “Dilleri öwrenmek arkaly parahatçylyk, raýdaşlyk we raýat bilimi” ÝUNESKO Kafedrasynyň ýüz tutmasy esasynda Belarus Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň Sekretariatynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatyna ugradan çakylygyny kabul edip, ýurdumyzyň ÝUNESKO Klublary we kafedralary oktýabr aýynyň 31-inden noýabr aýynyň 1-i aralygynda dowam eden maslahata onlaýn arkaly gatnaşdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda ýurdumyzda ilkinji açylan “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary hem bu maslahata diňleýji hökmünde gatnaşyp, maslahatyň ikinji gününde olar ikitaraplaryn hyzmatdaşlygyň bilim, ylym we medeniýet meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de birek-biregiň ikitaraplaýyn bähbitli bolan tekliplerini makulladylar.
Uly netijelere beslenen bu maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, ÝUNESKO Klublarynyň we Kafedralarynyň işjeň gatnaşmagy Belarus Respublikasynyň ÝUNESKO kafedralary we klublary boýunça tejribeleri öwrenmek maksady bilen ýaňy ýakynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherine iş sapary bilen gidip, tejribe alyşan türkmen wekilýetiniň ýola.