Türkmen-koreý ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki iri hyzmatdaşlaryň biri - Koreýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň esasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ynsanperwer ulgamy hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ulgamda bilim, ylym, medeniýet ugurlary boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda iki ýurtda hem bilelikdäki dürli döredijilik çäreleriniň guralmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen “Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet” atly halkara bilim maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda türkmen tarapynyň wekili Türkmenistanda koreý dili boýunça bilim berlişiniň we onuň öwrenilişiniň häzirki ýagdaýy dogrusynda çykyş etdi. Çykyşyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý diliniň okadylyşy barada gysgaça wideoroligiň görkezilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny alamatlandyrýar.
Hususan-da, halkara bilim maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleri üçin Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäheriniň häkimligine gurnalan gezelenç we ol ýerde şäher häkiminiň myhmanlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etmegi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Halkara bilim maslahatynyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekili Kangwon milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky magistr bilim maksatnamasynyň ýola goýulmagy barada pikir alyşyldy hem-de bu ugurda birnäçe anyk teklipler edildi. Netijeli geçen bu duşuşyk iki tarapyň hem ylym-bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda ylym-bilim ulgamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.