Türkmen ýokary okuw mekdebi ilkinji gezek M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň halkara ylmy maslahatynyň meýdançasy bolar

                                     

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň dostana ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesiniň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda geçirilmegi hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Halkara özara işjeňligiň şeýle görnüşi biziň ýurdumyzda ilkinji gezek amala aşyrylýar.

2025-nji ýylyň 11-25 aprelinde MDU-da «Lomonosow-2025» atly Halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy forumyň işiniň M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň diňe bir Russiýadaky şahamçalarynyň meýdançalarynda däl, eýsem Gazagystanda, Täjigistanda, Ermenistanda, Özbegistanda, Azerbeýjanda we Hytaýda hem ýaýbaňlandyryljakdygyny aýratyn bellemek gerek. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýokary lingwistik mekdebinde onuň «Pedagogika bilimi we häzirki zaman bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümçeleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýaş alymlar, aspirantlar, magistrantlar we talyplar forumyň halkara meýdançasyna hasaba durup, 2025-nji ýylyň 14-nji martyna çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynyň degişli bölümi arkaly öz çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny ugradyp bilerler. Maslahatyň iş dilleri: rus we iňlis.

Biziň institutymyzyň geljekki dilçileri we ýaş hünärmenleri öňde duran çärä işjeň taýýarlyk görýärler: olar agzalan bölümçeleriň çäklerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlar ederler. Ylmy işleriň awtorlary ylmy maslahatda çykyş ederler, olaryň ylmy barlaglarynyň gysgaça beýanlary halkara indekslenýän elektron ýygynda giriziler. Mundan başga-da, iň oňat işler diplomlar we degişli hormat hatlary bilen sylaglanar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ylym-bilim ulgamynyň öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylmagy ýurdumyzda alnyp barylýan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.