Türkmenistan-Rumyniýa: medeni hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä edebiýatynda meşhurlyk gazanan şahsyýetleriň ömür ýollarynyň öwrenilmegi, edebi miraslarynyň toplanylmagy we neşir edilmegi, gymmatly garaýyşlarynyň dünýä ýaýylmagy babatynda halkara derejede ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen, Rumyniýanyň Babeş-Bolyai uniwersitetiniň Türkologiýa instituty, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahatyna hem-de “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 6-9-njy apreli aralygynda Ruminiýanyň Kluž-Napoka şäherinde iş saparynda boldular.
Ylmy maslahatda edilen çykyşlarda türkmen we rumyn halklarynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine medeni-taryhy ýadygärlikleri, maddy we ruhy baýlyklary, görnükli şahsyýetleri bilen mynasyp goşantlary goşan halklardygy, iki ýurduň taryhy-medeni ýagdygärlikleriniň bu günki gün ylym dünýäsinde, alymlarda hem-de syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýändigi, görnükli söz ussatlarynyň türkmen we rumyn nusgawy edebiýatlarynyň ösmegine, dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserler bilen baýlaşmagyna mynasyp goşantlaryny goşandygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we rumyn alymlarynyň şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly bilelikde eden işleri, şahyryň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar giňişleýin beýan edildi. Onda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwreniliş taryhy” atly tema boýunça çykyş etdi.
Şeýle hem, bu çäräniň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň, dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan kitaplaryň hem-de Magtymgulynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylarynyň, türkmen halysynyň we haly önümleriniň, zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.
Halkara ylmy maslahatda 2025-nji ýylda okyjylar köpçüligine ýetirilen Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşir edilen goşgularynyň okalmagy hem-de adamzada bolan söýgini we ynsan mertebesini dabaralandyrýan öwüt-ündewlerinden mysallaryň getirilmegi ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.