Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda “türkmen dili”, “iňlis dili”, “fransuz dili”, “rus dili” we “nemes dili” boýunça olimpiadalar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylaryny 2026-njy ýylyň 14-nji martynda türkmen dili boýunça II Olimpiadasyna, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda iňlis dili boýunça IV Olimpiadasyna, 2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde fransuz dili boýunça III Olimpiadasyna, 2026-njy ýylyň 2-nji maýynda rus dili dersi boýunça IV Olimpiadasyna, 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda nemes dili boýunça III Olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu olimpiadalar 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» umumybilim berýän orta mekdepler bilen daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen geçirilýär.

Guramaçylyk toparynyň düzümine institutyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem girýär.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary şu aşakdaky salgylardan degişli dersler boýunça maglumatlar bilen doly tanşyp bilerler.

 

  1. Türkmen dili boýunça hasaba almak we Düzgünnama
  2. Iňlis dili boýunça hasaba almak we Düzgünnama
  3. Fransuz dili boýunça hasaba almak we Düzgünnama
  4. Rus dili boýunça hasaba almak we Düzgünnama
  5. Nemes dili boýunça hasaba almak we Düzgünnama