Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň halkara we milli tejribesi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» rektory Alfinur Galiakberowa bilen «Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda halkara we milli tejribe» atly tema boýunça brifing geçirildi. Duşuşyga biziň institutymyzyň professor-mugallymlar düzümi we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onda rus ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň tejribe alyşmak ugrundaky mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri baradaky esasy teswirleri diňlenildi.
Onuň çykyşynyň esasy temalarynyň biri bilimiň üznüksizligini üpjün etmek meselesi boldy. Bu babatda A.Galiakberowa özüniň ýolbaşçylyk edýän ýokary okuw mekdebinde degişli ulgamyň eýýäm hereket edýändigini, şeýle hem ol çalt üýtgeýän dünýäde üznüksiz bilimiň adamlara sanly ösüşden ugur alýan tehnologiki şertlere uýgunlaşmaga kömek edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda üznüksiz bilim biziň institutymyzyň hem üns merkezinde bolup, bu mesele yzygiderli öwrenilýär.
Bilim bazarynda hünärmenleriň täze neslini gyzyklandyrýan beýleki möhüm meseleleriň biri bolsa, mugallymlaryň we pedagoglaryň işini ýeňilleşdirýän dürli sanly gurallary ulanmakdyr. Okatmagyň tehniki serişdeleriniň täze neslini ulanmak we innowasion çözgütleri okatmagyň usulyýetine ornaşdyrmak diňe bir Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolman, eýsem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem ösüşiniň möhüm bölegidir. Häzirki wagtda bu iki ýokary okuw mekdebi sanly pedagogik gurallar babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup, geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze arabaglanyşyklaryň bardygy aýratyn bellenildi. Innowasion çözgütleriň mysaly hökmünde rektor A.Galiakberowa pedagogik simulýatory agzap, onuň geljekki hünärmenlere wirtual synplar bilen gönüden-göni özara işleşmäge, okatmak prosesine ýolbaşçylyk etmegiň endiklerini kämilleşdirmäge, dürli hünär usullaryny we indiwidual usulyýetleri synap görmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Bu ulgam Türkmenistanda dil öwretmegiň ýokary mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda aýratyn gyzyklanma döredip, iki ýokary okuw mekdebiniň işgärler toparlarynyň arasynda yzygiderli dialog üçin ygtybarly binýadyň döredilmeginiň oňyn alamatydyr. Beýleki umumy arabaglanyşyk nokatlarynyň biri-de ygtyýarnama işleri boldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýaly, Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti hem bilim bermekde ulanylýan baý tehnologiki arsenalyň ygtyýarnamalaryny almak maksadyny öz öňünde goýýar. Bu bolsa ýokary derejeli bilelikdäki barlaglary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, sebäbi taraplaryň munuň üçin gerekli tehniki mümkinçilikleri eýýäm elýeterlidir. Umuman, taraplar sanly gün tertibini öňe sürmegiň çalt üýtgeýän dünýäde aýratyn ähmiýetlidigini bellediler, çünki innowasiýalar ylmy-bilim ulgamynda ösüşiň depginini kesgitleýär.
Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň ulgamlarynyň ähli düzümleriniň göni gatnaşmagy möhümdir, bu bolsa diňe giň derejeli başlangyçlary amala aşyrmak bilen mümkindir. Bu ýerde ýokary derejeli myhman ýokary okuw mekdepleriň arasynda dostluk köprülerini pugtalandyrmaga niýetlenen dürli olimpiadalary, intellektual bäsleşikleri, sergileri, medeni çäreleri bilelikde guramagyň we olara özara gatnaşmagyň ähmiýetini ýatlatdy.
Ulgamlaýyn we gönimel hyzmatdaşlyk rus we türkmen taraplarynyň hem gyzyklanýan netijelerine ýetmäge mümkinçilik berer. Iki ýokary okuw mekdebiniň sazlaşykly işi olaryň «Üç missiýa uniwersiteti», «Dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň akademiki reýtingi» ýaly halkara reýtinglerine goşulmak boýunça işlerini ilerletmäge ýardam eder.
Islendik ýokary okuw mekdebiniň iň uly gymmatlygy – onuň talyplarydyr, ýagny dürli ylym ugurlary boýunça giňişleýin bilimleri özleşdirýän ýaşlardyr. Şonuň üçin, A.Galiakberowanyň nygtaýşy ýaly, bilim almakdaky indiwidual çemeleşmesi belli bir talyplaryň we intellektual toparlaryň bilim isleglerini kanagatlandyrýan has häzirki zaman okuw formasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda taýýarlygyň dürli ugurlary boýunça dürli indiwidual bilim maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi geljegi uly mümkinçilikleriň biridir.
Netijede, rus myhmany çäräni guranlar üçin minnetdarlyk bildirip, olara mundan beýläk hem üstünlik arzuw etdi.