«Ýokary okuw mekdepler üçin ösüş strategiýalar: QS we THE halkara reýtinglerinde ýokary derejä ýetmek» boýunça seminar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen başy başlanan ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek meseleleri ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alym Arkadagymyz ylmy-barlag edaralarynyň işiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalary bilen utgaşykly alnyp barylmagyny, milli ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. “Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr” diýip nygtaýan Ýurt Baştutanymyz mähriban Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimi dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä galdyrmak barada uly aladalar edýär.
Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Daşary ýurtlaryň ylym we bilim merkezleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlyk barha gerimini giňeldýär. Muňa 2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdeplerine hil standartlaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek üçin amaly gözükdirijiler bilen tanyşdyrmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ meýilnamasynyň Özbegistandaky wekilhanasynyň Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen “Ýokary okuw mekdepler üçin ösüş strategiýalar: QS we THE halkara reýtinglerinde ýokary derejä ýetmek» atly seminara Türkmenistanyň wekilleriniň hem gatnaşmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň ýokary bilim ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu seminarda Özbegistan döwletiniň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministriniň birinji orunbasary Şohruh Daliýew, Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ meýilnamasynyň Özbegistandaky wekilhanasynyň başlygy Aziza Abdurahmanowa, Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Diýor Umarow, ýokary bilim pudagynda halkara derejeli hünärmen professor Ellen Hazelkorn dagy çykyş etdiler. QS we THE halkara reýtingleriň düşünjesine, olaryň ýerlikliligine, şeýle hem global ýokary bilim ulgamynda üstünlik gazanmagyň kesgitleýji hil ölçeglerine gönükdirilen çykyşlar seminarda aýratyn orna eýe boldy. Halkara derejeli hünärmenler BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň işjeňligini artdyrmagyň ýollary, bu işleriň QS we THE halkara reýtinglere goşulmakda oňyn täsiri, bellenen halkara reýtinglere goşulyşylanda üns berilmeli ugurlar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň barşynda Özbegistan döwletiniň ýokary okuw mekdepleriniň Halkara reýtinglere goşulmakdaky baý tejribesi oňa gatnaşyjylar bilen paýlaşyldy.
Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!