Ýokary okuw mekdepleri üçin «Pedagogik psihologiýa» atly täze kitap çapdan çykdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemeginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan ýurdumyzyň pedagogik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna we mugallymlaryna niýetlenilen «Pedagogik psihologiýa» atly täze kitap (awtorlary: Ş.Hudaýberdiýew, E.Atdaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) çapdan çykdy.
Kitabyň çap edilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bilim işgärleri üçin ajaýyp sowgat boldy.
Bu okuw kitabynda çaganyň şahsyýetiniň psihiki ösüşi onuň durmuşy, okuw pursatlary we terbiýesi bilen utgaşykly beýan edilip, mugallymyň psihologiýasyna bildirilýän pedagogik talaplar dogrusynda anyk maglumatlar berilýär. Täze kitabyň sahypalarynda pedagogik psihologiýa okuw dersiniň möhüm meseleleri, ylaýta-da, pedagogika we psihologiýa ylymlarynyň gelip çykyşy, olaryň okuw-terbiýeçilik işindäki ähmiýeti, mümkinçilikleri hakyndaky ylmy maglumatlar anyk mysallarda getirilýär.
Okuw kitaby ýazylanda, daşary ýurt psihologlarynyň işlerinden,
ylaýta-da, W.W.Dawydowyň, L.S.Wygotskiniň, S.L.Rubinşteýniň, A.N.Leontýewiň, A.R.Luriýanyň we beýleki alymlar tarapyndan ýazylan işlerden, görnükli türkmen psihologlary B.Basarowyň, A.Nohurowyň, E.Atdaýewiň kitaplaryndan we okuw gollanmalaryndan ugur alyndy we belli bir derejede peýdalanyldy.
«Pedagogik psihologiýa» okuw kitaby geljekki pedagoglara, mugallymlara we terbiýeçilere dersiň hünär aýratynlyklaryny, kanunalaýyklyklaryny, okatmagyň we terbiýelemegiň usullaryny öwretmekde, şeýle-de, döwrebap hünärmenleri taýýarlamak işinde möhüm hasaplanylýan meseleleri çözmekde peýdaly okuw çeşmesi bolup hyzmat eder.