“Açyk gapylar” güni
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 2-nji we 14-nji maýynda 2025-2026-njy okuw ýylynda bilim ojagymyza okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak maksady bilen “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” gününde ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky özgertmeleriniň ýokary okuw mekdebimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, öwredilýän hünär dilleri, okuwlaryň guralyşy, döwrebap tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan okuw hem-de kompýuter otaglary, talyplaryň ylmy we medeni gurnaklary, “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň çykyşlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.
Telefon belgisi: +99312 36-84-08