Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly elektron žurnaly neşirleriň halkara standart seriýa belgisini aldy

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şu maksatlar bilen, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy  2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen “Internet ulgamynda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli kämilleşdirmek” baradaky çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda döredilen üç aýda bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly elektron žurnalyna islendik kagyz we elektron görnüşindäki gazetleri, žurnallary, döwürleýin neşirleri metbugatda kesgitlemäge mümkinçilik berýän halkara standart seriýa belgisiniň (ISSN 3079-9449) berilmegi ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Makalalaryň awtorlarynyň ussatlygy, filologiýa we dil bilimine degişli meseleleriň giňden we düýpli seljerilmegi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň gysga döwrüň içinde diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem onuň çäginden daşarda hem uly gyzyklanma bilen okalýan neşire öwrülmegine mümkinçilik berdi.