“Türkmen dili we edebiýaty” güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
65624-nji oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen dili we edebiýaty hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmen dili we edebiýaty” güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň içinden rowaýatlar sahnalaşdyryldy. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň taýýarlamagynda diwar gazetleriň sergisi, türkmen dili we edebiýaty hünärinde okaýan talyplar bilen açyk sapaklar guraldy, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli talyplaryň ata Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň waspyny ýetirýän şygyrlary diňlenildi. Bu dabaraly çärede ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz, şeýle-de ene dilimizi, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmek, oňa sarpa goýmak ýaly meseleler wagyz edildi.