“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany”
498Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp eserleriniň ýene-de biri “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň ähmiýeti barada aýtmak bilen Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly içeri hem daşary syýasatynyň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, şeýle ajaýyp kitaplarynyň sanynyň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.