Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenmek işi kämilleşdirilýär
288Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaponiýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Ýamamota Hiroýuki bilen institutyň rektory M.Kuliýewanyň resmi duşuşygy boldy. Duşuşykda institutda ýapon diliniň öwredilişi, ýapon dili hünärine degişli dersleriň okuw-usulyýet esaslary, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi barada özara pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasynda bu ýokary okuw mekdebinde ýapon dilini öwretmek üçin enjamlary ornaşdyrmak boýunça “Otuň kökleri” taslama bilen bagly şertnama gol çekildi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.